Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Daşkentde geçirilen halkara okuw maslahata gatnaşdy
1572025-nji ýylyň 9 — 11-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň «Britan Geňeşi» edarasy tarapyndan Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 45-siniň wekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.
Halkara okuw maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy Gaýgysyz Döwletow hem gatnaşdy.
Halkara okuw maslahatda iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň dowamynda mugallymçylyk işiniň ähli basgançaklarynda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamakdan başlap, olaryň bilim edaralarynda işlemäge başlaýan döwrüne çenli hünär derejesini üznüksiz kämilleşdirmek we öz işiňe baha bermek konsepsiýasyny girizmek, refleksiýany, refleksiw tejribäni hem-de refleksiw döwri ara alyp maslahatlaşmagy guramak ýaly meseleler boýunça pikir alyşyldy.
«Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek» atly taslamasy refleksiýa boýunça işenip taýýarlanan amaly materiallary we ýumuşlary öwrenmek hem-de olary özleşdirmek, «iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamalarynyň» nukdaýnazaryndan Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda mugallymlaryň hünär derejelerini üznüksiz ýokarlandyrmagyň ähmiýetini öwrenmek ýaly meseleler hem maslahatlaşyldy.