Türkmen-ýapon gatnaşygynyň miwesi: täsirli okuw sapary
110Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan eziz Diýarymyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmegi, halkara derejede bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, intellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşmak miýesser etdi. Oňa Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly döwletlerden hukuk ugrundan bilim alýan talyplar, magistrler hem-de hukuk işgärleri gatnaşdylar.
Okuwyň maksady oňa gatnaşyjylary Ýaponiýanyň hukuk we bilim ulgamy, medeniýeti, sungaty, taryhy ýerleri, millilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda umumy sapaklar geçirildi. Okuw saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Adalat ministrliginde, Ýokary Kazyýetinde bolup, «Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa we Zakawkazýe döwletleri babatdaky daşary syýsaty», «Halkara jemgyýetinde kanunyň hökmürowanlygy», «Ýaponiýanyň administratiw kazyýet ulgamyna syn» atly temalarda ýokary derejeli hünärmenleriň geçiren umumy sapaklaryna gatnaşmak hukuk ugrundan bilim alýan biz ýaşlar üçin diýseň täsirli boldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan Keio uniwersitetinde hukuk ugrundan bilim alýan talyplar, magistrler hem-de professor-mugallymlar bilen söhbetdeşlik guraldy. Uniwersitetiň professorynyň «Ýaponiýada hukuk we adalat ulgamy, hukuk bilimi» we «Kanuny hyzmatdaşlygyň üsti bilen kanunyň özboluşlylygyny gazanmak» atly temalarda geçiren umumy sapagyna ýerli talyplary bilen bilelikde gatnaşmak ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.
Saparyň dowamynda 2013-nji ýylda «Mukaddes ýer we sungatyň çeşmesi» hökmünde Dünýä täsinlikleriniň sanawyna girizilen Fuji dagyna syýahat guraldy. Işjeň wulkan hasaplanylýan dagyň beýikligi 3776 metr bolup, ol Ýaponiýanyň iň beýik nokadydyr. Ýapon medeniýetiniň, sungatynyň we binagärçiliginiň iň gadymy alamatlaryny özünde jemleýän Asakusa şäherçesine guralan syýahat hem uly täsirleri galdyrdy. Okuw maksatnamasynyň soňky gününde Ýaponiýanyň daşary işler ministri okuwy üstünlikli tamamlandygymyz mynasybetli degişli şahadatnamalary gowşurdy. Hemmetaraplaýyn ähmiýetli geçen bu gysga möhletli okuw bize Ýaponiýanyň hukuk ulgamy, medeniýeti, sungaty, millilikleri, şeýle hem taryhy ýerleri bilen tanyşmakda uly ähmiýetli boldy.
Biz, bagtyýar döwrümiziň bagtly ýaşlary pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň abraýly okuw merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, özara tejribe alyşmak boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegi we kämilleşmegi babatda edýän çäksiz aladalary, taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys.