Türkmen Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalanmagyna gulluk edýär
86Gadymdan gelýän peder ýoluny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yhlasly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden başlap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly yhlas siňdirip gelýär. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan her bir ýyly onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrmagyň möhüm ähmiýetiniň uludygyny nazarda tutup, ýaňy gadam goýan täze 2025-nji ýylymyzyň “Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş adamzadyň durmuşynda hemmeler üçin göwüngalkyndyryjy waka bolandygy aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap amala aşyrylýan işler, guralýan çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda däp bolşy ýaly, täze gadam goýýan 2025-nji ýylymyzy döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly meselä garalanda, ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan bu babatda alnyp barlan işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerilip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýykdygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi hem-de bu ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtady, şeýle-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şol döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň ilkinji maslahatyny Gahryman Arkadagymyz 9-njy ýanwarda ýokary derejede geçirmek bilen, onda bu babatda amal edilmeli tutumly işleriň esasy ugurlaryny kesgitläp, oňa gatnaşan her bir ýolbaşçynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglanyşykly hem 13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirilip, bu täze şygary baýdak edinen ýyla badalga berildi.
Şu dabaranyň yzysüre, 14-nji ýanwarda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik bolup, onda “Halkara pararahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” amala aşyrylmaly tutumly işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şol söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, onda beýan edilen täze başlangyçlary BMG-niň Baş Sekretarynyň dykgatyna ýetirdi. Milletler Birleşiginiň ýolbaşçysy Antoniu Guterriş Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amal edýän işlerine iňňän ýokary baha bermek bilen, onuň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, özüniň ýolbaşçylyk edýän halkara guramasyny ikelläp goldaýandygyny aýtdy.
Bu söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz bu ýylda geçiriljek ýokary derejedäki çärelere gatnaşmaga Antoniu Guterrişi çagyrdy. Bu abraýly guramanyň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň wekilleriniň ol çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny tassyklady. Munuň özi BMG-niň strategiki hyzmatdaşy hökmünde biziň Bitarap döwletimize uly ynam bildirýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Bu babatda aýratyn ähmiýetli waka ýaňy-ýakynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň" dabaraly açylyşyndan ybarat boldy.
Bu dabara BMG-niň düzümleriniň ýokary wezipeli işgärleri we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Onda BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi (öň birnäçe ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy bolup işlän) Miroslaw Ýençanyň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Ýokary wekiliniň, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyş edip, biziň Bitarap döwletimiziň işlerine ýokary baha berendikleri buýsandyryjy ýagdaý boldy. Şeýle-de çäräniň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, “77 toparynyň” adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Tertipnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlarynda hem bu babatda gowy pikirler beýan edildi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň" dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny beýan edip, onda beýan edilen “Ýol kartasyny” goldaýandyklaryny aýtdylar hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara dialogy pugtalandyrmak maksady bilen, bu resminamany bilelikde amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Bu dabaranyň çäklerinde berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýändigi, Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan onlarça Kararnamalaryň, şol sanda 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalar we beýleki birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň muňa aýdyň subutnamadygy aýratyn bellenildi.
Şu aýdylanlar bu çäräniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň ýene-de bir tassyklanmasy boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Şu pursatda bizem Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin halkymyzy şunuň ýaly belent abraý-mertebä eýe bolandygymyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
“Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl, goý, hemmelere üstünlik, bagtyýarlyk getirsin, bütin dünýäde parahatçylyk hem ynanyşmak belent derejede dabaralansyn!