Magtymguly adyndaky TDU-da Beýik Britaniýanyň Daşary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
16328-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň Daşary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň (VSO) Global tehniki ýolbaşçysy Kumar Şrestan we Global tejribe ýolbaşçysy Joýs Leýker bilen uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşykda edilen çykyşlarda Beýik Britaniýanyň Daşary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň alyp barýan işleri, Türkmenistanda iňlis dilini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek bilen bagly durmuşa geçirilýän giň göwrümli çäreler barada durlup geçildi. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň kämilleşmegi barada maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtly hünärmenler bilen geçirilýän okuw tejribelik maksatly duşuşyklar hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen duşuşyk hem onuň aýdyň subutnamasy boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilim-ylym babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, häzirki zaman jemgyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.