Owazasy dünýä dolýan şan-şöhratly Watanym
173Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda merdana halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny uly zähmet üstünlikeri bilen jemläp, täze, 2025-nji – " Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna" ynamly gadam goýdy. Bu ýylda bolsa berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygyny dünýä möçberinde, giň gerimde dabaralandyrmak göz öňünde tutulan. Şunuň bilen baglanyşykly “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň KONSEPSIÝASY” işlenip düzülip, onda göz öňünde tutulan çäreler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda turuwbaşdan ýaýbaňlandyrylyp başlandy.
Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýetli syýasy waka bolandygy hemmelere mälimdir.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Munuň özi saparyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýanwarda Monakonyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyna ünsi çekmek bilen, Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Şazada Alber II-ni Aşgabada çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak ugry gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Türkmenistan we Monako möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Monako halkara giňişlikde sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolandygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýä derejesine çykan atly sportuny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriniň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, hususan-da, Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde bu ýurduň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, bu toparyň agzalary bilen şol ýerde duşuşyp, olary bu üstünlikleri bilen gutlamagy, olaryň edýän işlerine ýokary baha berip, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etmegi biziň atşynaslarymyz üçin, bütin halkymyz üçin tolgundyryjy pursatlar boldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Monta – Karloda uly üstünlik gazanyp gelen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň toý-dabara bilen garşylamak dabarasy 1-nji fewralda Arkadag şäherinde boldy. Bu dabaranyň “Akhan” binasynyň öňündäki meýdançada badalga almagynyň hem özüne ýetesi manysy bar. Çünki Arkadag bu toparyň düzüminde bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan ahal-teke bedewleriniň naýbaşysynyň biridir.
Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän Akhan bedewiniň üstünligi ahalteke atlarynyň şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi şondan ozalky iň gowy netijeden iki esse ýokarydyr. Akhanyň bu üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi toparyň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan bu topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň baş baýraklaryny gazanmaga mynasyp goşant goşdy.
Arkadag binasyndan ýörişe ugran “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. Ýörişiň öňüni ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bolan atlylar çekdi.
Häzirki wagtda halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewleri köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini, zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmekde, olary ösdürip ýetişdirmekde uly işleri bitiren halk seçgiçileriniň, ussat seýisleriň atlary ebedileşdirilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Aba Annaýewdir. Onuň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde we bu sungatyň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmekde bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aba Annaýew öz işiniň hakyky ussady bolup, saýlama bedewleriň köp sanlysyny ösdürip ýetişdirdi we seýisledi. Halypa seýsiň adynyň Arkadag şäheriniň esasy şaýollarynyň birine, şeýle hem, “akylly” şäherdäki Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere, halypalara goýulýan çuňňur hormatdan nyşandyr.
...Dabaranyň bolýan güni ýol ugrunda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyplar toparyň agzalaryny mübäreklediler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşy aldylar hem-de gazanan uly üstünlikleri bilen gutladylar.
Göroglynyň adyny göterýän döwlet atçylyk sirki hem şäheriň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berýär. Onuň nal şekilinde gurlan binasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlardyr tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen atçylyk sirki gysga wagtyň içinde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
Dabaranyň hormatyna bu ýerde medeniýet, sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çäräniň başynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy.
Ýurdumyzyň bu meşhur topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy. Soňra dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagy ýetirildi.
Şonda Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ilerletmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň beýanyna öwrülendigini, ata-babalarymyzyň “At — myrat”, “Atym bar — ganatym bar” diýen parasatly sözleri halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan hormatyndan nyşandygyny, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredilip, gysga taryhy döwürde şöhratly ýoly geçdi. Gahryman Arkadagymyz bu toparyň agzalarynyň edýän işlerine ýokary baha bermek bilen, onuň dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. “Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen sirk sungatynyň halkara festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, Baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip, Milli Liderimiz belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi — beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Gutlag bilen ýüzlenmegi dabaranyň şowhunyny has belende göterdi.
Döwlet Baştutanymyz toparyň agzalaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar” diýip, aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi, munuň bolsa ýurdumyzda sirk sungatynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidini, bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýandygy şübhesizdir.
“Galkynyş” toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem bu topar täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýrana galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz festiwalda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly waka bolandygyny bellemek bilen, toparyň agzalaryny bu uly üstünlik bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde, hormatly Prezidentimiziň adyndan bolsa topara 3 million manat möçberinde pul sowgatlarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasynyň, sport egin-eşikler toplumynyň, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumynyň, ajaýyp türkmen halysynyň sowgat hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakylmagy biziň berkarar döwletimizde ýurdumyzyň mundan buýana-da gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraý-mertebesiniň has belent derejelere göterilmegine mynasyp goşant goşýan her bir adamyň çekýän yhlasly zähmetine iňňän ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy diýsek ýalňyşmarys.
Şol pursatda toparyň agzalary halkara derejede geçirilýän şeýle iri ýaryşlara gatnaşyp, türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýaýmaga, döredijilikli işlemäge döredilýän şertler hem-de zähmetine berlen ýokary baha üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, özleri hakynda edilýän aladalaryň olary has-da netijeli zähmet çekmäge, ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygyny belläp, mundan bu ýana-da ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin halkymyzy begendirjekdiklerini ynandyrdylar.
Soňra sirkiň sahnasynda şu günki dabara mynasybetli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, sirk tomaşasy görkezildi.
Şeýlelikde, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatda başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolandygy aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Bu aýdylanlaryň özi berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini belende galdyrmaga ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşant goşýandygynyň, munuň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň ýatandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.