Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan okyjylara gymmatly gollanma
89Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň pelsepesini we sungatyny öwrenmek işi birnäçe ugurlary hem-de usullary öz içine alýan aýratyn ylym hökmünde kemala geldi. Şol ylmy ugurlaryň biri hem akyldar şahyryň döredijiliginiň tebsiridir. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şihnepesowyň “Magtymgulynyň döredijiliginiň tebsiri” atly täze kitaby şu ylmy ugruň meselelerine bagyşlanan. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edilen bu monografiýada Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň tebsiri üç ugur boýunça amala aşyrylýar. “Köňül nagşy” atly birinji ugurda tebsiriň umumy meseleleri, şeýle-de onuň metafizika, estetika, poetika, semiotika ýaly dürli ylymlar bilen çatrygynda öňe çykýan meseleler derňew edilýär. “Guş dili” atlandyrylýan ikinji ugurda tebsiriň Magtymguly şygryýetiniň sungatlyk gymmatyny aňlatmakdaky ähmiýeti we “guş dili” hadysasy açylyp görkezilýär. Akyldar şahyryň ynsan ömrüniň ruhy manylary hakyndaky pikirlerine “Yşk ýoly” atly üçünji ugurda seljerme berilýär.
Halypa mugallymyň täze kitaby filologlara, ýokary we orta mekdepleriň mugallymlaryna, dil we edebiýat fakultetleriniň talyplaryna, aspirantlara, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen edebiýatynyň taryhy, bilen içgin gyzyklanýan okyjylar köpçüligine gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.