Okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirildi

165
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirildi.
Okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň nesil terbiýesindäki orny hem-de ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy, has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýaş nesliň kalbynda ata Watana, onuň şöhratly taryhyna, merdana we zähmetsöýer halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni hemde ruhy mirasyna buýsanjy, söýgini kemala getirmek bellenilendir. Şonuň üçin talyp ýaşlara milli ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz hakynda giňden nygtalyp geçildi.
Ilkinji okuw sapagynda uniwersitetiň tejribeli mugallymlary talyplara ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýändigini wagyz etdiler. Bu aýdylanlara mysal hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini talyplaryň dykgatyna ýetirildi. Bu mysallar ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30