TDU-da UNICEF-iň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysynyň gatnaşmagynda okuwlar başlandy

123

Şu gün, 10-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde UNICEF-iň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysy, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň dosenti, durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Salome Namiçeişwiliniň gatnaşmagynda okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynda okadyljak dersler boýunça mugallymlar bilen okuwlar başlandy.
Himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen okuwa UNICEF-iň durmuş syýasaty boýunça baş hünärmeni Aýsenem Agabaýewa, şeýle hem uniwersitetiň psihologiýa kafedrasynyň, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri, Aşgabat şäherindäki durmuş işi boýunça jogapkär hünärmenler gatnaşdylar.
«Jemgyýetçilik iş usullary — jemgyýetçilik iş usullaryny öwretmekde innowasion çemeleşmeler» diýen temada geçirilen okuw mugallymlaryň hünär başarnyklaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 10 — 12-nji fewralda geçirilýän okuwlaryň maksady durmuş işi boýunça okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga milli hünärmenlerimize ýardam bermekden ybaratdyr.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30