Türkmen dili kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär
180Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen dili kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär. 10-njy fewralda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän hepdeligiň açylyşy boldy. Şol gün uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde mugallymlar hem-de talyplar tarapyndan türkmen diline we dil ylmyna bagyşlanan sergi hem açyldy. Sergi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim syýasatyny, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmunyny, ylmy-taslama işlerini, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň üstünliklerini özünde şöhlelendirýär.
Okuw dersleri boýunça görkezme çykyşlary, çeper okaýyşlar, açyk sapaklar, ylmy-amaly maslahatlar, okuw gezelençleri we döredijilik duşuşyklary hem hepdeligiň dowamynda göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda orun alýar. Hepdeligiň çäginde «Türkmen diliniň taryhy» dersinden açyk sapaklar, amaly maslahat geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Dürli görnüşli bäsleşikler bolsa talyplaryň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin amatly meýdança öwrüler.