Beýik Britaniýanyň «University of St. Andrews» ýokary okuw mekdebi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
11811-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Beýik Britaniýanyň «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler barada belläp, uniwersitetde häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Şonuň ýaly-da, «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebi halkara ylmy, ylmy-amaly maslahatlary guramaga, 2025-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlara, himiýa dersi boýunça olimpiadadyr beýleki çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.
Duşuşykda «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebiniň «School of International Relations» fakultetiniň uly mugallymy, «Institute of Middle East, Central Asia and Caucasus Studies» bölüminiň direktory, doktor Matteo Fumagalli hem wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň taryhy, onda alnyp barylýan bilim-ylym işleri, gurluşy bilen tanyşdyrdy.
Şol ýokary okuw mekdebiň mugallymy Fillipo Kotto Buranelli öz alyp barýan ylmy işleri barada gürrüň berdi hem-de ýakynda Aşgabat şäherinde iş saparynda bolandygyny aýdyp, bu saparyň netijeli geçendigini belledi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda «University of St Andrews» ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durlup geçildi.