Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
228Şu gün, 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabara ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmakda ähmiýetli boldy.
Bäsleşik iki derejede geçirilip, birinji dereje boýunça žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, ikinji derejede bolsa beýleki hünärlerde okap, bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Netijede birinji dereje boýunça talyplaryň 6-syna, ikinji dereje boýunça 11-sine Diplomlar, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem tapawutlanan talyplaryň birnäçesi Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy wasp edýän hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdymlar ýerine ýetirildi.
Dabara bilen ugurdaş mejlisler jaýynyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlar tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplarynyň, monografiýalaryň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan ylmy işleriň sergisi guraldy.