«Gyz edebi – gyzyl gül» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
14817-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda «Gyz edebi – gyzyl gül» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede uniwersitetiň zenan professor-mugallymlary çykyş edip, olar milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, terbiýeçilik ähmiýeti, el işleri bilen baglanyşykly däp-dessurlar, keşdeler we olaryň görnüşleri hem-de olarda milli ruhuň beýany, türkmen zenanynyň maşgaladaky orny barada giňişleýin durlup geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň taryhy ähmiýeti, bu ajaýyp kitapda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň keşbiniň çeper beýany we onuň gyz-gelinler üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny barada bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan kürtesiniň hem-de ören jorabynyň, alajasynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýetini nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we olary terbiýeçilik işleriň aýrylmaz bölegi hökmünde esasynda alyp barýan ýörelgesini dowamat-dowam edip, sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.