Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahaty barada okuw sapagy

235

27-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy M.Maksadowanyň alyp barmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty barada okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýüjilik ýörelgelerine esaslanyp Watanymyzyň ajaýyp tebigy şertlerini özünde jemleýän Hazar deňziniň merjeni “Awaza” milli sýahatçylyk zolagynyň diňe bir ekologiki syýahatçylgy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen çäklenmän eýsem, halkara işewürlik forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, halkara bäsleşiklerdir, festiwallaryň sport we medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülendigi nygtaldy. Şol sanda bu geçiriljek maslahatyň halkara gatnaşyklaryny giňeltmek dogrusynda ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Ýurdumyzda şeýle halkara ähmiýetli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleriniň ýene bir ýola aýdyň subutnamasy bolar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30