“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

138

28-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we abadançylygyň röwşen gadamlary” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatda çykyş eden uniwersitetiň professor-mugallymlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ugrunda alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda belläp geçdiler.
Çykyşlarda Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda 70-den gowrak döwlet gurmak bilen halkara jemgyýetçiliginde dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürendigi, asyrlaryň ýaňy bolup ýaňlanýan abadançylyk baradaky halkymyzyň pikir-garaýyşlary häzirki zaman jemgyýetinde hem Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” syýasaty we “Dialog – parahatçylygyň kepili” ylmy filosofiýasy arkaly has-da ösdürilýändigi nygtaldy.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly edebi-sazly kompozisiýa, ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyna “Ýaşasyn parahat durmuş!” aýdym, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösüşe besleýän işlerini şohratlandyrýan “Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!”, Bitarap ýurdumyzyň şöhratly ösüşini wasp edýän “Jan Watan” hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” atly aýdymlar oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň sergisi dabaraly maslahata öwüşgin berdi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Bitarap Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30