“Türkmen uniwersiteti” elektron gazetiniň nobatdaky sany çykdy
157Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen uniwersiteti” elektron gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň nobatdaky sany “Nowruz parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramçylygydyr” atly makala bilen açylýar. Şeýle-de gazetiň sahypalarynda uniwersitetiň okuw sapaklaryna, wagyz-nesihat çärelerine hem giň orun berildi.
Gazetiň täze sanynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen yglan eden bäsleşigi barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Gazetiň nobatdaky sanynda öwrediji makala, terjimedir goşgular, şeýle hem başga-da birnäçe täsirli makalalar ýerleşdirildi. Gazet sahypalarynyň dürli suratlar bilen bezelmegi bolsa onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
«Türkmen uniwersiteti» elektron gazetini ýüklemek üçin ŞU ÝERE basyň.