“Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
1311-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary, talyp gelin-gyzlary bilen birlikde “Ene mähri” diýen hormatly adyň eýeleri bolan köp çagaly eneler hem gatnaşdylar.
Çärede çykyş eden hormatly eneler, zenan professor-mugallymlar we talyp gyzlar berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgaymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy halk hakydasyna gaýtaryp bermek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, gyz gözelligi, edep-ekramy, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, zenan mertebesi dogrusynda, nesilleri milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza esaslanyp terbiýelemegiň ýol-ýörelgelerini öwrenmekde, ony ýaş nesliň kalbynda beslemekde gymmatly çeşme bolan Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” we beýleki eserleriniň mynasyp orna eýe bolýandygyny belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Şonuň ýaly-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de türkmen milli amaly-haşam sungatynyň sergisi özboluşly aýratynlygy bilen çäräniň şowhunyny artdyrdy. Uniwersitetiň talyp gelin-gyzlarynyň el işleriniň we türkmen folkloryndan parçalarynyň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanç we guwanç duýgularyny goşalandyrdy.