Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport baýramçylyk dabarasy geçirildi
1155-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Sagdynlyk abadançylygyň we üstünligiň gözbaşydyr” atly sport baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Fakultetara sportuň woleýbol, basketbol, futbol, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, tennis, tanap çekmek, tigir sürmek, ýeňil atletika, göreş, agyr daş götermek görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar we görkezme çykyşlar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimize gelip ýeten ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlary sport baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Sport baýramçylyk dabarasynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz, tans toparlary tarapyndan berkarar döwletimizi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, türkmen tebigatyny, türkmen sportuny şöhratlandyrýan aýdymlar aýdyldy we tanslar ýerine ýetirildi.
Sport baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjy professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.