Ekologiýa bilimi we daşky gurşawy gormaga bagyşlanan halkara maslahat öz işini tamamlady

100

8-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işini bölümler arkaly dowam etdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň «Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny», «Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri» atly bölümlerinde Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wengriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Polşanyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Wýetnamyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň, Alžiriň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 74-sinden 180-den gowrak professor-mugallymlar, alymlar alyp barýan ylmy-barlag, ylmy-usuly işleriniň netijeleri boýunça maslahatlaşdylar, tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Bellenilişi ýaly, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini, medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadgaly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda häzirki döwürde sebit ähmiýetli işleriň hem yzygiderli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Halkara maslahatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugrunda halkara tejribesini öwrenmekde hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30