Türkmen döwlet uniwersitetinde okuwçylaryň we talyplaryň arasynda astronomiýa olimpiadasy geçirildi

552

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 11-12-nji synp mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasy geçirildi.
Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasynyň maksady ýaşlarda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly amaly we nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekden, tebigy we takyk bilimler baradaky ylmy çemeleşmeleri kämilleşdirmekden, mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň intellektual ösüşi bilen bagly bolan hünärleri saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmekden, ýaşlaryň astronomiýa, fizika we älem giňişligi baradaky gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, umumybilim berýän orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdepleriň astronomiýa dersi bilen ugurdaş dersleri kämilleşdirmekden alyşmakdan ybarat bolup durýar.
Olimpiada üç tapgyrda, ýagny etrap, şäher, welaýat we Aşgabat, Arkadag şäher derejesinde geçirilip, onuň döwlet tapgyry Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary “Astronomiýa” olimpiadasyna “A” derejede, 12-nji synp okuwçylary “B” derejede gatnaşdylar. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň astronomiýa hünäriniň talyplary “A” derejede, okuw meýilnamalarynda “Astronomiýa” dersi we bu derse ugurdaş dersleri göz öňüne tutulan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary “B” derejede, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary “Ç” derejede gatnaşdylar.
Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasynyň jemi boýunça eminler toparynyň gelen netijelerine esaslanyp derejeler boýunça ýeňijiler kesgitlenilip, olar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň altyn, kümüş, bürünç medallary hem-de 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasyna gatnaşyjy ýaşlar tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasynyň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Abu Reýhan Biruny adyndaky astronomiýa olimpiadasynyň döwlet tapgyrynyň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30