Halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady
178Şu gün, 17-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Kamerun Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gruziýanyň, Owganystanyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 69-syndan professor-mugallymlar we alymlar gatnaşýarlar.
Umumy mejlisde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparnyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, Ankara sosial bilimler uniwersitetiniň rektory, professor Musa Kazym Aryjan, Pakistanyň Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetiniň rektory, general-maýor Şahid Mahmud Kaýani, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Global prosesler fakultetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň professory, medeniýeti öwreniş ylymlarynyň doktory Wladimir Bažukow, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Eren dagy çykyş edip, milli mirasyň jemgyýetçilik aňyny ösdürmekdäki ähmiýet, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky ynanyşmagy we parahatçylygy berkitmekde ÝUNESKO kafedralarynyň orny boýunça çykyş etdiler.
«Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýady» ugry boýunça Keramatly Kliment Orhidskiý adyndaky Sofiýa uniwersitetiniň Al-Faraby adyndaky ylym-bilim we medeni merkeziniň direktory Wioleta Dobiçina, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Dawut Orazsähedow, «Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramak boýunça tagallalar» ugry boýunça Minsk döwlet lingwistik uniwersitetiniň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň dosenti, ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Wladimir Paşkewiç, Baku döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň halkara jemgyýetçilik hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň doktory Mehriban Eýýubowa, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçysy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammet Mämmedow, «Medeni mirasy öwrenmegiň ylmy ugurlary» ugry boýunça Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Raziýa Syrdybaýewa, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň uçurymy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty Suý Szýasin, Kaşmir uniwersitetiniň professory Nasim Ahmet Şah, «Türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň maddy-ruhy medeniýeti: täze barlaglar we seljermeler» ugry boýunça L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Urzada Musabekowa, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň durmuş-syýasy ylymlary fakultetiniň Durmuş işi ugry boýunça bakalawriatynyň ýolbaşçysy, ÝUNISEF-niň halkara bilermeni, dosent Salome Namiçeişwili, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Bike Diwangulyýewa dagy degişli temalarda giňişleýin çykyş etdiler.
Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy goramakda, olary geljekki nesillere ýetirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, ylym-bilim ulgamynda, medeni mirasymyzy gorap saklamakda gazanylan üstünlikleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.