Suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi
10830-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksady we wezipeleri ýaş zehinleri we suhangöýleri ýüze çykarmakdan, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini terbiýelemekden, ýaşlaryň liderlik we ugurtapyjylyk häsiýetlerini kemala getirmekden, ýaş wagyzçylaryň täze neslini kemala getirmekden, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmekden, bäsleşigiň netijeleri esasynda “Ýaş wagyzçylar” toparyny döretmekden ybarat bolup durýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşiginiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen tapgyrynda häzirki zaman türkmen jemgyýeti, türkmen dili, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary derslerinden hem-de Türkmenistanyň daşary syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri boýunça taýýarlanan sowalnamalar esasynda onuň netijesinde geljekde jemgyýetiň öňünde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzy wagyz etjek “Ýaş wagyzçynyň” bilim derejesi barlanyldy we iň gowy netije görkezenler bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazandylar.
Eminler topary tarapyndan bäsleşikde çykyşyň mazmuny (logika, gurluşy, argumentleriň goýluşy), suhangöýlük ukyby (ses, diksiýa, intonasiýa), emosional täsirlilik (harizma, tomaşaçylar bilen gatnaşyk), beden dili (mimika, ynamlylyk), tapawutlylyk (çykyşyň ideýa taýdan aýratynlygy, metaforalaryň ulanylyşy, taryhyň beýan edilişi) derejeleri boýunça bahalandyryldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen suhangöýlük bäsleşiginiň uniwersitet tapgyryna gatnaşyjy ýaş mugallymlar we talyp ýaşlar häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kämil ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.