Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
1172-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik Ýeňşiň gahrymanlary — watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň nusgalyk mekdebi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we «Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary – merdanalygyň we edermenligiň nusgasy», «Türkmen halkynyň milli we medeni gymmatlyklaryny goramakda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti», «Filologiýa ylmy: türkmen dilini we edebiýatyny täze nazaryýet esasynda öwrenmegiň meseleleri», «Dünýä dillerini we edebiýatyny öwrenmekde öňdebaryjy usullaryň orny», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iňlis dilini we edebiýatyny täzeçil usullar arkaly öwretmegiň ylmy esaslary», «Himiýa senagatynyň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti», «Türkmenistanyň biodürlüligini gorap saklamagyň we köpeltmegiň ileri tutulýan meseleleri», «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň esasy ugry: daşky gurşawy goramagyň milli we dünýä tejribesi», «Maglumat tehnologiýalary ulgamynyň kämilleşdirilmegi — takyk ylymlaryň ösdürilmeginiň möhüm şerti», «Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde sanlky bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň orny», «Fizikanyň we nanotehnologiýanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde dowam etdi.
Maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralardan we beýleki edara-kärhanalaryndan gatnaşan professor-mugallymlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň we talyplaryň ylmy, ylmy-amaly we ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlarynyň 480-e golaýy meýilleşdirilip diňlenildi.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde parahatçylygy giňden ýaýbaňlandyrmakda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellediler. Şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwer däplerine esaslanýan bu syýasat häzirki wagtda anyk işlerde öz beýany tapýar. Şeýle hem çykyşlarda Beýik Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran milli gahrymanlarymyzyň arasynda Berdimuhamet Annaýewiň hem bolandygy, onuň gahrymançylyk ýolunyň nesiller üçin nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.