Türkmen döwlet uniwersitetinde baýramçylyk dabarasy geçirildi
1792-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Rowaç alyp beýik peder ýolundan, Bakylyk ýollaryň ýagty seň Watan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara uruş we zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ýaşulular, ene-mamalar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy, deňsiz-taýsyz mertlikleri barada buýsanç bilen bellenildi. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi bilen baglanyşykly täsirli gürrüň berdiler.
Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen «Mertler Watany beýgeldýär» atly sahnalaşdyrylan çykyş dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, merdana uruş we zähmet weteranlarymyzy, tylda zähmet çeken ildeşlerimizi beýik Ýeňiş baýramynyň 80 ýyllygy bilen gutladylar.