Makala we goşgy ýazmak bäsleşigi jemlendi

420

Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir!” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Güneş” žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!” atly goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşigi jemlendi.
Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden jemi 150-den gowrak goşgy we makala gelip gowuşdy. Bäsleşigiň eminler topary redaksiýanyň we ýokary okuw mekdebimiziň elektron salgysyna gelip gowşan makalalary we goşgulary okap baha berdiler.
Emin agzalaryň adalatly baha bermeginde biri-birinden tapawutlanan makalalaryň we goşgularyň many-mazmunyna, söz baýlygyna, şeýle-de olarda pikiriň jaýdar beýan edilişine laýyklykda, baýrakly orunlar kesgitlenildi.
Makala we goşgy ýazmak bäsleşiginiň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30