Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi
20410-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Orta mekdepleriň we ýokary hünär okuw mekdepleriniň arasynda jebis aragatnaşyklar hem-de hyzmatdaşlyk işleri ýola goýmagyň çäklerinde geçirilen duşuşyga Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Mekdep okuwçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen okamak, öwrenmek babatda döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda 2024-2025-nji okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly makala we şygyr bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şeýle hem mekdep okuwçylaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hereket edýän fakultetlerde hünärmenleri taýýarlamakda täze tehnologiýalaryň orny, okatmagyň döwrebap usulyýeti bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler we talyplaryň dürli derejede geçirilen bäsleşiklerde, ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan üstünlikleridir dürli taslama işleri görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda Bitarap Watanymyzda bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen, döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaş nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.