Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat
8212-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – parahatçylygyň hem-de berkararlygyň berk binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maslahat öz işini umumy mejlisde we “Türkmenistanyň Konstitusiýasy – döwlet berkararlygynyň we halkymyzyň agzybirliginiň kepili”, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – parahatçylygyň we jebisligiň nyşany”, “Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty – berkararlygyň we ynanyşmagyň berk binýady”, “Täze taryhy eýýamda türkmen dilini we edebiýatyny okatmagy kämilleşdirmegiň ýollary”, “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny pugtalandyrmakda ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmegiň orny”, “Dünýä dillerini okatmagyň usulyýetine innowasiýa tehnologiýalarynyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Himiýa tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi – ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegiň möhüm şerti”, “Tebigy ylymlar ulgamynyň ösdürilmeginde biologiýanyň we biotehnologiýanyň orny”, “Daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi – sagdyn ýaşaýşyň özeni”, “Matematika ylmynyň gazananlarynyň takyk ylymlar ulgamynyň ösüşindäki orny”, “Ylym-bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmeginde maglumat we kompýuter tehnologiýalarynyň orny”, “Täze tehnologiýalary döretmekde hem-de önümçilige ornaşdyrmakda fizikanyň we astronomiýanyň orny” atly bölümleriň 12-sinde dowam etdirilip, olarda 480-den gowrak çykyş meýilleşdirildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy, onuň kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň kämilleşdirilişi, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we onuň taryhy kökleri, ýurdumyza innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we ondan peýdalanmaklygyň usullary barada belläp geçdiler.
Maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, professor-mugallymlaryň Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy bilen baglanyşykly kitaplaryň, monografiýalaryň, milli amaly-haşam sungatynyň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan berkarar Watanymyzyň häzirki zaman ösüşini özünde jemleýän dürli taslamalaryň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolan kämil nesli kemala getirmekde, ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.