ÝUNESKO
3461Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy hereket edýär.
Kafedra 2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda açyldy. ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmegi bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine dünýäniň öňdebaryjy ylym we bilim merkezleri, daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. ÝUNESKO kafedrasynda medeni mirasy öwrenmek boýunça degişli ylmy ugurlary kesgitlemek we olar boýunça ylmy barlaglary alyp barmak, häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak, talyplara ylmy temalary berkitmek, sebitdäki döwletleriň ugurdaş ÝUNESKO kafedralary bilen bilelikde ylmy temalary ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri alyp barmaklyk kesgitlenildi.
Kafedranyň maksady: Türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň medeni mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we bu babatdaky toplanan ylmy maglumatlary we tejribeleri dolanyşyga girizmek. Bu maksatdan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy degişli işleri alyp barýar:
• medeni mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek, taryhy we medeni mirasyň goralyp saklanmagyna goşant goşmak;
• medeni miras boýunça seljermeleri alyp barmak, ýaş ylmy gözlegçileri – mugallymlary we talyplary ylmy-gözleg işleriniň obýekti hökmünde medeni mirasyň seljerilmegine we öwrenilmegine gönükdirmek;
• türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň medeni mirasynyň öwrenilmeginiň meseleleri boýunça ylmy maslahatlary, “tegelek stollary”, duşuşyklary, söhbetdeşlikleri gurnamak, ylmy gözlegleriň netijelerini bilim prosesine ornaşdyrmak;
• uniwersitet bilen ÝUNESKO-nyň arasynda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek;
• Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-usuly aragatnaşyk guramak.
Geçen döwürde kafedra birnäçe ylmy-amaly maslahatlary, şol sanda halkara derejesine maslahatlary geçirdi. Olaryň jemleri boýunça tezisleriň ýygyndylary neşir edildi:
- Medeni miras – ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň çeşmesi. – Ylym, 2023 (türkmen, iňlis we rus dillerinde).
- Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – umumadamzat mirasy. – Ylym, 2024 (türkmen, iňlis we rus dillerinde).
- Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny. – Ylym, 2025 (türkmen, iňlis we rus dillerinde).
- Kafedranyň talyplary türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň medeni mirasy boýunça diplom işlerini üstünlikli goradylar.
Kafedranyň mugallymlary medeni miras baradaky ylmy çykyşlar bilen birnäçe halkara ylmy maslahatlara we tegelek stollara gatnaşdylar, şeýle hem daşary ýurt ýygyndylarynda we ylmy žurnallarynda makalalaryny çap etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmegine goldaw beren hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri we Türkmenistanyň ylmy merkezleri:
• M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti;
• Ýerewan döwlet uniwersiteti;
• Baku döwlet uniwersiteti;
• L.N.Gumilýow adyndaky milli Ýewraziýa uniwersiteti;
• Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi;
• Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty;
• Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň döwlet muzeýi;
• Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky müdürligi.