Žurnal barada
414Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ylym-bilim ulgamlarynyň işi döwrebap kämilleşdirilýär. Täze taryhy döwürde jemgyýetimiziň ösüş derejesi ýaşlara döwrebap bilim bermekde we ylmy-barlag işlerini utgaşykly alyp barmakda täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Ýurdumyzda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlary boýunça ylmy işgärleri, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylym we bilim ulgamlaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna”, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrleriň, talyplaryň netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ylmy-barlag işleriniň netijelerini neşir arkaly ýaýbaňlandyrmak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna höwes döretmek hem-de olara goldaw bermek işlerine hem döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döredildi.
“Ylmy barlaglar we innowasiýalar” ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda milli medeni mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, türkmen we daşary ýurt dillerini hem-de edebiýatyny öwrenmäge, filologiýanyň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilýär. Pedagogikanyň, psihologiýanyň, jemgyýeti öwreniş we hukuk ylymlarynyň gazanan üstünlikleri, okatmagyň we terbiýelemegiň döwrebap usulyýeti barada taýýarlanylan makalalar hem elektron žurnalyň mazmunyny baýlaşdyrar. Şeýle hem, elektron žurnalda ýurdumyzda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, tebigy we takyk ugurly ylymlarda, sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, himiki tehnologiýalary, maglumat ulgamlaryny ösdürmäge, ýerli tebigy çig mal baýlyklaryndan ekologiýa taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmäge degişli ylmy barlaglar arkaly alnan netijeler öz beýan edilýär.