Düzgünnama

501

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyň
DÜZGÜNNAMASY
I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (mundan beýläk – Uniwersitet) «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň (mundan beýläk – Elektron žurnal) işini, Uniwersitetiň web-saýtynda ýerleşdirilişini, Elektron žurnalyň üýtgedilip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Elektron žurnalyň döredilmegi we hereket etmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Bilim hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem Uniwersitetiň Tertipnamasyna, şu Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar.
3. Uniwersitetiň rektory Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak esasynda Elektron žurnaly döretmek barada buýruk çykarýar.
4. Elektron žurnal «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda bellige alynýar.
5. Elektron žurnalyň işi Redaksion geňeş tarapyndan alnyp barylýar. Redaksion geňeşiň agzalary professor-mugallymlardan we alymlardan düzülýär.
6. Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär.
7. Elektron žurnalda ynsanperwer, tebigy we takyk ylymlary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, doktorantlarynyň, aspirantlarynyň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriniň, ylmy işgärleriniň oňyn synlary berlen makalalary ýerleşdirilýär.
8. Elektron žurnalda ýerleşdirilen makalalara awtorlyk hukuklary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
9. Elektron žurnal Uniwersitetiň tdu.edu.tm saýtynda ýerleşdirilýär. Elektron žurnalyň saýtda ýerleşdirilmegi Uniwersitetiň informatika we kompýuter merkezi tarapyndan amala aşyrylýar. Elektron žurnalyň arhiwi Uniwersitetiň tdu.edu.tm saýtynda saklanylýar.
10. Elektron žurnalyň üýtgedilip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

II bap. Redaksion geňeşiň işini guramak

1. Elektron žurnalyň işi Redaksion geňeş tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Redaksion geňeşiň işine baş redaktor ýolbaşçylyk edýär. Baş redaktoryň wezipesini Uniwersitetiň rektory ýerine ýetirýär. Baş redaktor:
1) Elektron žurnalyň Düzgünnamasyny tassyklaýar;
2) Redaksion geňeşiň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;
3) Elektron žurnalyň jogapkär kätibini belleýär we Redaksion geňeşiň düzümini tassyklaýar hem-de zerurlyk bolan halatynda onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;
4) Redaksion geňeşiň iş meýilnamasynyň, şeýle hem çözgütleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
5) Elektron žurnalyň nobatdaky sanynyň bellenen tertipde çykarylmagyny üpjün edýär.

III bap. Redaksion geňeşiň we jogapkär kätibiň wezipeleri

Redaksion geňeşiň işiniň esasy maksady we wezipeleri ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän makalalary seljermekden hem-de Elektron žurnalyň neşirini goýbermekden ybarat.
Elektron žurnalyň her bir sanyny goýberilişe taýýarlamak üçin, Redaksion geňeş we jogapkär kätip şu wezipeleri ýerine ýetirýär:
1) Redaksion geňeşiň iş meýilnamasyny taýýarlaýar we baş redaktora tassyklamaga berýär;
2) makalanyň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplary işläp düzýär;
3) Elektron žurnala gelýän makalalary kabul edýär we hasaba alýar;
4) ylmy ugurlar boýunça makalanyň mazmunynyň talabalaýyklygyny seljerýär;
5) Elektron žurnalyň nobatdaky sanynyň taýýarlanylmagyny üpjün edýär;
6) Elektron žurnalyň her sanynyň mazmunyny ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýarlar.

IV bap. Makalalary kabul etmegiň we seljermegiň tertibi

1. Makalalar jogapkär kätip tarapyndan kabul edilýär, Redaksion geňeş tarapyndan seljerilýär.
2. Redaksion geňeş, jogapkär kätip makalalary zerur bolan halatynda ýurdumyzyň ylym, bilim edaralaryna we gaýry guramalaryna hat üsti bilen syna iberýär. Makala alymlyk derejeleri bolan professor-mugallymlardan we alymlardan syn alynýar.
3. Oňyn syn bilen birlikde, makalanyň many-mazmuny, ylmylygy we beýleki talaplarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly bellikler hem-de teklipler berlen ýagdaýynda awtordan olary düzetmek talap edilýär. Elektron žurnala hödürlenen makalalaryň gutarnykly görnüşi bilen awtor tanyşdyrylýar we ylalaşylýar.
4. Talabalaýyk resmileşdirilmedik, Redaksion geňeşiň agzalary tarapyndan makullanylmadyk, şeýle hem Redaksion geňeşiň başlangyjy bilen iberilen makalalaryň oňyn syn berilmedikleri neşire hödürlenilmeýär.

V bap. Jemleýji düzgünler

1. Elektron žurnalyň baş redaktory, Redaksion geňeşiň agzalary, jogapkär kätibi işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda muzdsuz alyp barýarlar.
2. Elektron žurnalyň döredilmegi we neşirýat hyzmatlary bilen baglanyşykly çykdajylar Uniwersitetiň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
3. Elektron žurnalyň salgysy – 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, (1966) Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31-nji jaý.




Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30