Ylmy makalanyň etikasy

424

Ylmy neşiriň etikasy

Elektron žurnalda neşir edilýän makalalarda Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlar bolmaly däl. Bu talabyň ýerine ýetirilmegi üçin awtor şahsy jogapkärçilik çekýär.
Neşir edilýän makalalar ylmy häsiýetde bolmaly. Makalada başga awtoryň makalalarynyň tekstlerini, böleklerini ulanmaga ýol berilmeýär we ulanylan ylmy edebiýatlara hökman salgylanmalar bolmalydyr. Hödürlenen maglumatlaryň ygtybarlylygy we seredilýän makalanyň ylmy ähmiýetini göz öňünde tutup, žurnalyň Redaksion geňeşi makalany neşir etmek barada çözgüt çykarýar.
Neşir edilmedik golýazmalar üçünji tarap bilen ulanylyp ýa-da paýlaşylyp bilinmez. Redaksion geňeş göçürilen maglumatlary öz içine alýan makalalaryň çap edilmegine ýol bermeýär. Synçy makala obýektiw we esasly baha bermäge borçly bolup, makalany üçünji tarap bilen ara alyp maslahatlaşmaýar. Ähli golýazmalar gizlin resminama hökmünde kabul edilýär.
Awtor hödürlenýän ylmy-barlaglaryň netijeleriniň täzeligi we ygtybarlylygy üçin jogapkärdir. Şol bir makalanyň golýazmasy birnäçe žurnallara hödürlenilmeli däl. Awtor makalanyň golýazmasynda möhüm ýalňyşlyklary tapan halatynda, redaksiýa gysga wagtda habar bermeli.


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30