9



«Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada
MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 18-nji aprel – Bütindünýä mirasynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň we doktorantlarynyň, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň, ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 15-16-njy aprelinde sanly ulgam arkaly «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 3 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm. Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny.
II bölüm. Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi.
III bölüm. Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 25-nji martyna çenli tsu.unescochair@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon: +99312 94-58-49 (Ylym bölümi), +99312 39-86-62 (UNESCO kafedrasy), +99312 94-67-98 (Arheologiýa we etnologiýa kafedrasy), +99365 64-93-62.
Elektron salgysy: tsu.unescochair@gmail.com





Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30