MAGLUMAT
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 13-14-nji maýynda sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi.
II bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary.
III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri.
IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-58-49, +99362 16-29-75
Elektron salgysy: tsu.international.conference@gmail.com