16


«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada
MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.
«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny.
II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri.
III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary.
IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65
Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30